Bäşi mollaňky

Photo by David Duky on Pexels.com

Üç sany aljygurt ýaly ogry bir semiz goýny ogurlagetdin, şakga-şukga paýlaşyp ugranlar. Ýöne gezek boýunoňurga gelende sözleri çapraz düşäýmezmi?

— Ýörüň, onda molla aga bölüşdiräýeliň, munymyzy — diýip, olar toşap satan ýaly sallam-sajak bolşup, oba mollasynyňka baranlar. Şonda molla:

— Bissimilla! Başy mollaňky,

Dört aýagy bilen döşi mollaňky.

Ajy içegesi

Süýji içegesi,

Daşy mollaňky.

Galan zady alty paýlaň.

Bäşi mollaňky — diýip, ähli zady özi alagetdin, ýene şol bölüşip bilmedik boýunoňurgalaryny ogrularyň özüne galdyrypdyr.

Leave a comment