Ot bilen saýlaýmasaň

Ir zaman adyl şalaryň biri bolpoşa biçilen löwentlere eglişik edişine, olary hazynanyň hasabyna ekläp ugraýar. Goluny gymyldatman symyşlap, ýagly-ýüzlüden doýup ýörmek asyl, hep-hezil. Onsoň löwentleriň sanam gün-günden artmak bilen. Döw dursun olaryň öňünde. Bulut ýaly sürili dünýäňi dagam sanlyja günde ak süňk edip taşlajaklar.

Doýdum-doldumsyz peläketler ýasy-ýaýman howlyny tutuşlaryna çäşerişip ýatyr. Özlerem taky-tulum. Ilden aýry dörän şa löwendimiş-dä! Hä, iýjek, hä, içjek.

Onsoň näme, hökümdar howsala gaplanmazmy.

— Ber, indi, wezir, bulaň maslahatyny?

— Şahym, ýukaýüreklik edip, löwetleň sanyny hetden aşyrdyk. Gördüň-ä olaň çykdajysyny. Çekip çydar ýaly däl, asyl. Şoň üçinem olary az-owlak silteşdiräýeli?

— Wah, nädip silteşdirjek ahyry?

— Ol itiň aňsady, şahym. Aşaklaryna gamyş düşägetdin, bir ýanyndan ot berip goýbäris. Şonda çyn löwentler-ä galar. Ýalanlaram ýalyn ýanbaşyna ýapyşyp ugradygy, gaçmak bilen bor, şahym. Ana, onsoň şol maslahat makul bilnip, löwentleriň bir çetinden ot berilýär.

Şonda ýatyp iýmegi ýüregine düwen ýalan löwentler-ä, azzat-da-mazzat, ýazzyny berip başlaýar. Löwentlik hamyrturşusyndan gönezligi gargylananlar welin, eger-eger «Meň üçinem bir beýläňize agdarylaýsaňyzlaň?» diýip, ýary ýansa-da, bitakatlyga düşmändir.

Onsoň hakyky löwentler tellenip, işlemezligiň iň uly masgaraçylykdygyny äşgäre getirýän gözilginçlik hökmünde, bakylyp-bejerilip başlanýar.

Leave a comment