
Ir eýýäm uly kürende üç dogan bolup, olar özüni aýran neçjar ekeni. Emma «Zordan zor bar» diýleni, ýaňkylaryň biri ezberlikde ýakasyny tanadansoň, beýlekiler, onuň bilen bäsleşmäge dag-a, miltem edip bilmändirler.
— Näme, how, ussalar, ikiňiz pil saplajak bolup, abzalyňyza ýapyşaýsaňyz, halys ýürege düşýäňiz. Şol hyrt-hyrt. Hiç soňuňyz gelenok. Oňa derek, tüweleme, ortanjyňyz sapy synlaýşyna, sanagetdin on teşe urar welin, sapyň gümhana gireridir, ýeňselikde ýatarynyň kemi-kössi galmaz. Ýöne seredip oturmaly. Onsoň çüýüňi geçir-de, epenegiňi eltiber.
— Aý, aga, aslyýetinde, biziňem üşükdir ukybymyz o doganymyzyňkydan peslär ýaly däldi. Ýöne ýoluganlammyz ýakaşyksyz çykdy. Näçe ugurlaryna ýykylsagam, dodagymyzy dişledip, damarymyzy düwmelerini goýanoklar. Ind-ä, näme, süňňümiziň saňňyldysy goşarymyza-da geçiberipdir.
Ýöne beýlekimiziň zagypasy welin, diýseň, tapylgysyz maşgala. Güler ýüzi, şirin sözi, görülmedik hyzmaty bilen gardaşymyzyň göwnüni ganatlandyrmasyny goýanok. Şeýdip zehinine zehin goşulansoň onuň süňňem ýerinde, süýegem. Ýatkeşligem damja ýaly. Onsoň teşedir tebere ygtyýar edip ugranda elem sandyranok, golam.
