ÖZÜME NESIHATLAR

Photo by Pixabay on Pexels.com

«Köňül aýdar: halkdan galyp,

Gezsem daglar-daşlar bile.

Ýazygymy ýada salyp,

Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bile.» (Magtymguly)

Her döwürde bolşy ýaly, XXI asyrda-da adamlar günde-günaşa bolmasa-da, (belli wagtlarda, özem sypdyrman, yzygiderli ýagdaýda) «halkdan», ýagny, gündelik mal ýygmak, pul basmak hysyrdylaryndan el çekip, (näme bolsa şol bolsun, aýda iň bolmanda, birki gezek hemme işimi gyra süýşürip, özüm (Rebbim) bilen ikiçäk galjak diýmäge aýgyt etmese) özüne wagt aýryp bilmese, içki dünýäsine ser salmak bilen ýazygyny ýatlap gözýaş dökmese, onda ol arşy-aglanyň baky hazynalaryny terk edip, zeminiň geldi-geçer, pany, bahasyz närseleriniň, zir-zibilleriniň arasynda gezip ýören zelil mahluga öwrüler.

«Her kim, görsem, bir pişede,

Meniň köňlüm endişede,

Köýi-ser içre köşede

Otursam agaçlar bile.» (Magtymguly)

Dogrudanam, adam pahyr haçan görseň başagaý, doýmaz-dolmaz. Onuň köňlüni diňe bu dünýä mahsus endişeler gaplap alypdyr. Bar oý-küýüni pany aladalar gurşap alypdyr. Ahyret, o dünýä — bular, belkem, göz bilen görüp, on iki synaň bilen duýmak her kime başartmaýanlygy üçin, adama, birhili, erteki pisint bir zat ýaly bolup görünýär. Ahyretiň, hasabyň barlygy hakdaky hakykatyň ynsany eýmendirmezliginiň özi, eýsem, eýmenç hadysa dälmidir? Birine arzymyzy aýtsak, olam bizi diňlemese, ýa-da göwünli-göwünsiz diňlese, özümizi kemsidelen hasaplajagymyz jedelsizdir. Edil şonuň ýaly, özümiz, içki barlygymyz, (biziň maddy bedenimizden başga-da özümiziň özümiz bolmagymyzy gazandyrýan ruhy bedenimiz) janygyp bize bir zatlar düşündirjek bolýan mahaly, oňa gulak asmazlyk, megerem, kemsidilmeleriň iň erbedi bolsa gerek. Özüni şeýle derejede kemsidýän, elindäki iň gymmatly zadyny gypynçsyz harlap bilýän, eýsem, başga barlyk, mahluk barmykan?!

Leave a comment