Hasan Basry hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Hezreti Osman (r.a.) bir gün adamlaryň öňüne çykyp şeýle diýipdir:
– Eý, adamlar! Haktagala garşy gitmekden ägä boluň. Sebäbi Allatagaladan garşy gitmekden gaça durmak – iň uly bagtdyr. Iň akylly adam öz-özüni soraga çekýän, öz-özüni gözegçilik astynda saklaýan, ölümden soňky ýaşaýyş üçin taýýarlanýan hem-de garaňky mazara girende Haktagalanyň nuruna sygynýan adamdyr. Bu dünýede gözli ýaşap, ahyretde-de gözsüz direlmekden gorkuň. Hikmete düşünýän adama ýeke agyz söz ýeterlikdir. Ruhy ker adam şeýle-de hakykaty eşidip bilmez. Continue reading Hasan Basry hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Hezreti Osman (r.a.) bir gün adamlaryň öňüne çykyp şeýle diýipdir:
