Ussa
Ýaşy bir çene baran, hindistanly ussanyň şägirtleriniň biri durmuşyndan köp nalaýar eken. Bir gün goja ýaňky ýaş ýigidiň igençlerinden halys ýadap, ony ýanyna çagyrypdyr-da, duz alyp gelmegi buýrupdyr. Ýigit gapda duz alyp gelipdir. Onsoň goja oňa: «Indi bolsa, bir gysym duzy al-da, bir käse suwa guýup iç» diýipdir. Ýigit halypasynyň sözüni ýykyp bilmän, duzly suwa agzyna ýetiripdir. Bir owurt içip-içmän hem öwäp-üsgürip, bolmajysy bolupdyr. Goja … Continue reading Ussa
