Hezreti Osman (r.a.) ýene bir hutbasynda şeýle diýdi:
– Eziz we jelil bolan Allatagala size «ahyretiňiz üçin gazanç ediň» diýip dünýä malyny berdi. Dünýä pany, ahyret bolsa baky. Pany bolan dünýä siziň başyňyzy aýlap, baky bolan ahyretden armanly goýmasyn. Panyň ýerine bakyny saýlap alyň. Dünýä ýok bolup gider. Iň soňunda barjak ýeriňiz ýene-de Haktagalanyň huzurydyr.– Allatagaladan gorkmak – Allatagalanyň gazabyndan goraýan galkan hem-de Onuň razylygyny gazandyrýan serişdedir. Baryň bilelikde, bir bolup hereket ediň. … Continue reading Hezreti Osman (r.a.) ýene bir hutbasynda şeýle diýdi:
