Aňrybaş agaç

Bir bagban aňrybaş agaç ýetişdirmegiň kül-külüne düşüpdir. Agajyň gowy çykmagy üçin gerekli şertleriň üpjün edilmelidigine gözi ýetip duran bagban, nahal oturtjak ýerini mazaly gazypdyr. Ýatan-turan daşlary, çöp-çalamy göwnejaý arassalapdyr. Emele gelen çukura hasylly topragyň gumuny ders bilen garyp döküpdir.  Soň nahalyny ekipdir. Şeýlelikde eken nahalynyň köki daş-kesege, çöp-çalama degmän arkaýyn gol ýaýradyp ösüp biljekdi. Nahal bagbanyň garaşyşy ýaly, kökleri ýeriň jümmüşinde örňäp, ese-boýa galyp agaja … Continue reading Aňrybaş agaç