Gaty deriň ýüzün-ä…

Ozalam bir ýedi gyl köse bazardan gelýän gürzelek sakgally deşliden daýaw pyýadanyň öňünden çykyşyna: — Ýeri, how, jora, bu gün bazarda ýüň-çöpür näden boldy? — diýip dillenipdir. Emma «Geplän gep eşider, özüniňkiden köp eşider» diýenleri. Kösä kirpigi kaklyşandan nämäň-nämedigine göz ýetiren kişem: — Aý, halypa! Bu gün bazarda ýüň-çöpüriň nyrhy bir heýbe-heýräk boldam welin, gaty deriň ýüzün-ä item seretmedi — diýip, ugruna ýöräberipdir. Continue reading Gaty deriň ýüzün-ä…