Arslan Beg
Seljuklaryň hany Arslan begiň gaznalylara ýesir düşmegi entek-entekler ýatdan çykjak hadysa däldi. Şol bolup geçen waka Çagry begiň edil düýn ýaly ýadyna düşüp durdy. Atasy Seljuk beg aradan çykandan soň onuň ýerine saýlanan Arslan begiň at-owazasy uzaklara ýaýylyp başlaýar. Gaznalylar Hindistana ýöriş eden wagty seljuklaryň gozgalaň turuzmagyndan howatyrlanýardy. Munuň öňüni almak üçin Gaznaly hökümdary Soltan Mahmyt ýüregine bir niýet düwýär. Ol Arslan begi köşgüne çagyrýar. … Continue reading Arslan Beg
