Jennetiň gapylary
Şägirtleriň biri halypasyndan: – Halypa, siz näme üçin sazy beýle gowy görýärsiňiz? – diýip sorapdyr. Halypasy oňa şeýle jogap beripdir: – Sebäbi saz meniň üçin jennetiň gapylarynyň jygyldysydyr. Şägirt halypasynyň içini ýakjak bolup: – Men-ä jygyldaýan gapylary halamok – diýipdir. Onsoň, halypasy oňa şeýle jogap beripdir: – Sebäbi sen jennetiň gapylarynyň jygyldysyny diňe ýapylanda eşidýärsiň. Men bolsa, şol gapylaryň jygyldysyny açylanda eşidýärin. Continue reading Jennetiň gapylary
