Kazynyň hökümi
Nýu-Ýork şäheriniň öňki häkimleriniň biri bolan La Guardiýa käte kazynyň wezipesini hem ýerine ýetirýän eken. Gyşyň aňzakly sowuk günleriniň birinde üst-başy eleşan gojany «nanbaýdan çörek ogurlady» diýip kazyýete getiripdirler. Goja kazynyň öňünde özüniň gabahat iş edendigini boýun alypdyr. Kazy La Guardiýa gojadan: − Näme üçin ogurlyk etdiňiz? − diýip sorapdyr. Goja: − Maşgalam, çagalarym aç otyr, onsoň nalaç çörek ogurlamaly boldum − diýip jogap beripdir. … Continue reading Kazynyň hökümi
