Baý bilen garyp
Töwrizde Bedrettin Omar diýen baý adam ýaşan eken. Ol sahylygy bilen meşhur eken. Hatda onuň jomartlygy Töwrüziň çäginiň daşynda hem bilinýän eken. Bu gep goňşy welaýatda ýaşaýan garyp adamyň hem gulagyna ýetýär. Onsoň Bedrettin Omaryň jomartlygyna bil baglaýan bu garyp ep-esli bergä girýär. Öz ýanyndan bolsa: «Aý, näme-de bolsa bir gün Bedrettin Omaryň ýanyna bararyn. Ondan bergilerimi üzmek üçin pul soraryn. Boş-a goýberesi ýok» diýýärmiş. … Continue reading Baý bilen garyp
