“TÄZEÇE DURMUŞ”

Özüme gelen wagtym depäm agyrydan ýaňa lorsuldap durdy. Endam-janym meniňki däl ýalydy. Darajyk ýerde süýnüp ýatyrdym. Ýerimden turmaga synanşamda, kelläm bir tagta bölegine degdi. Alaçsyz, ýene-de süýnip ýatmaly boldum. Gözlerim açyk bolsa-da, ähli ýer tüm garaňky,  hiç zady görüp bilemokdym. Birden ýüregime gorky aralaşyp ugrady. Gorkym gitdigiçe has güýjeýärdi. Ýüzümdäki ak matanyň ýüzüne düzülen merjen däneleri ýaly ýaldyraýan der damjalary çekgämde ot tutaşdyryp, aşaklygyna syrygýardy. … Continue reading “TÄZEÇE DURMUŞ”