Pälwan
Ýaş ýigidiň biri göreş sungatyny berk ele almak üçin, ady äleme dolan pälwanyň ýanyna barypdyr. Halypasyna ýüregi bilen berlip, birnäçe ýylyň dowamynda göreş tilsimleriniň ählisini özleşdiripdir. Bir gün ol halypasyna: «Maňa ýene öwretmeli zadyň barmy?» diýip sorapdyr. Halypasy oňa: «Menden almaly zatlaryňy aldyň, ýigit!» diýip jogap beripdir. Onsoň, ýigit hondan bärisi bolup, halypasy bilen hoşlaşypdyr-da ýoluna rowa bolupdyr. Ýigit ýurt gezipdir. Baran ýerlerinde güýjüni mazamlapdyr. … Continue reading Pälwan
