Ylymlaryň jemi
Aýtmaklaryna görä, bir alym çopana gabat gelip: — Sen näme üçin ylym öwrenmeýärsiň? – diýip sorapdyr. Çopan hem oňa: — Men ähli ylymlaryň gysgaça mazmunyny öwrendim — diýip, jogap beripdir. — Öwrenen zadyň näme? Hany, aýt, eşideli? — Ähli ylymlaryň gysgaça mazmuny şundan ybarat: Birinjisi, dogrulyk barka, ýalan sözlemeýärin. Ikinjisi, halal barka, haram iýmeýärin. Üçünjisi, öz aýbymdan doly saplanman, özgäniň aýbyny gözlemeýärin. Dördünjisi, Allatagalanyň ryzky … Continue reading Ylymlaryň jemi
