ÝOKARDA BIR AÝ BAR
“Ýokarda bir Aý bar…”“Ýokarda bir Aý bar…”Ýene tanyş owaz, tanyş tolgunma…Göwnüm galkyjaklap, guş bolup gaýýar. Kän berene ogul,Az berene – gyz,Hatar-hatar ojaklara toý diläp,Aýlanyp ýör, ynha, bir bölek arzuw,Düýş deý geçen düýnlermizi gaýtalap. “Ýokarda bir Aý bar..”Bu buşluga kagyz-galamym taşlap,Atylyp çykýaryn işige törden.Gör-le, çagajyklar iňňän sadajasözler bilen bizi şat edip ýörler. A men weli goşgy ýazjak bolýaryn,Söz gözläp sünnäli, çeperden şeker.Ýöne ýürek yzlan ýönekeý sözler,Asyl, … Continue reading ÝOKARDA BIR AÝ BAR
