Bagt näme?

Bagt enäniň perzendiniň başyny sypamagy, atanyň başynyň dik bolmagy, çaganyň jykyrdap gülmegi, aşyk-magşuklaryň biri-birine gowuşmagydyr. Bagt çagalygyňy ýatlap myssa ýylgyrmakdyr. Bagt kitapda ýa-da žurnalda bir goşgyny ýa bir setiri gowy görüp ýat beklemekdir. Bagt ýüregiňde ertire bolan ýagty arzuw beslemekdir. Bagt är-aýalyň ýyl geçdigi saýyn birek-biregi hasam artyk söýmegidir. Bagt saý-sebäp bilen birek-birege gaty-gaýrym söz aýdylan pursatynda «Bagyşla!» diýip bilmekdir. Bagt ylmyňy artdyrmak, täze zatlary … Continue reading Bagt näme?