Hezreti Omar (r.a.) şäher häkimlerine şeýle öwüt-ündew etdi:

– Men sizi hökmürowanlyk ediň, adamlara garşy zorluk-sütem ulanyň diýip bellemedim. Siz adamlara ýolbaşçy, ýolgörkeziji bolmaly. Her kim sizden görelde almaly. Şonuň üçin hiç kimiň hakyny iýmäň. Adamlara el galdyrmaň, olary masgaralamaň. Olary götergilejegem bolmaň, ýogsa adam diýeniň öwülýändigini bilse, azmak bilen bolar. Adamlary gapyňyzdan hem kowmaň, ýogsa ejize ganymlar köpeler. Continue reading Hezreti Omar (r.a.) şäher häkimlerine şeýle öwüt-ündew etdi: