Nesihat

Aýtmaklaryna görä, Mansur bir gün Amr Ubeýd atly alyma ýüzlenip:

— Maňa nesihat ber – diýýär. Amr:

— Görenlerimdenmi ýa-da eşidenlerimden? – diýip soraýar. Mansur:

— Görenleriňden – diýýär. Amr şonda oňa şu nesihatyny berýär:

— Omar ibn Abduleziz dünýäden gaýdanda, onuň on bir sany ogly bardy. Onuň terekesiniň mukdary bolsa on ýedi dinardy. Onuň her ogluna on sekiz kyrat kümüş ýetdi. Emma Hyşam Abdylmälik aradan çykanda onuň on iki sany ogly bardy. Olaryň hersine kakalaryndan müňläp dinar miras galdy. Şondan soň köp wagt geçmänkä Omar ibn Abduleziziň ogullarynyň birini gördüm. Ol bir günde ýüz aty Allatagalanyň ýoluna bagyş etdi. Hyşamyň ogullarynyň hem birini gördüm. Ol ýolda oturyp, adamlardan sadaka dileýärdi. Eger akylly adam bu hekaýat barada pikirlense, bu dünýäniň we onuň nygmatlarynyň köňül berere mynasyp däldigine akyl ýetirer.

Leave a comment