Dünýe maly

Kitaplarda gürrüň berilmegine görä, Zülkarneýn älem-jahany aýlanyp ýörkä, bir kowmuň üstünden barýar. Olarda bu dünýäniň maly-mülkünden hiç zat ýok eken. Olar gapylarynyň ýanynda mazarlar gazyp, her gün onuň içine girip, ybadat eder ekenler. Iýmitleri-de diňe ot-çöp eken. Zülkarneýn olaryň ýanyna ilçi iberip, patyşasyny ýanyna çagyrýar. Emma olaryň patyşasy gelmeýär we: «Meniň oňa hajatym ýok» diýip jogap berýär. Zülkarneýniň özi onuň ýanyna baryp, patyşany ýakyndan görýär, hormatyny bildirýär. Soňra oňa ýüzlenip:

— Siziň hiç hili baýlygyňyz ýok. Näme üçin mal-mülk ýygnamaýarsyňyz? – diýýär. Patyşa Zülkarneýne şeýle jogap berýär:

— Sebäbi dünýe malyndan doýan ýok.

— Bu mazarlary näme üçin gazdyňyz?

— Iň soňunda barjak öýümizdigini bilmek üçin.

— Näme üçin ot iýýärsiňiz?

— Çünki, öz garnymyzy süýji lezzetli tagamlardan doldurmak islemeýäris. Lezzetli tagam diňe bokurdakdan geçýänçä süýjüdir.

Soňra patyşa elini uzadyp, bir kelleçanagy alýar-da, Zülkarneýniň öňünde goýup:

— Bu kelläniň kimiňkidigini bilýärsiňmi? — diýýär.

— Ýok.

— Ol zalym, sütemkär patyşanyň kellesi. Ol Allanyň bendelerine sütem etdi. Alla bolsa ony ýok edip, jähenneme ýollady.

Patyşa soňra başga bir kelleçanagy eline alyp, şeýle diýýär:

— Bu kelleçanak bolsa alym, adalatly, takwa hem-de Alladan gorkýan patyşanyň kellesi. Ol dirikä raýatlaryny merhemet ganatynyň astyna aldy. Ol hem ahyrsoňy bu dünýä bilen hoşlaşdy we endamy çüýredi. Bu kelle-de şonuňky. Ýakyn geljekde seniň gowgadan doly başyň hem şeýle bolar. Sen ruhuň jan galybyndan çykandan soň, nähilileriň hatarynda boljakdygyňy bilýärsiňmi? – diýýär.

Zülkarneýn aglap, patyşa:

— Men saňa şalygymyň ýaryny bereýin. Gel, meniň ýanymda bol – diýýär. Ol:

— Munça adamlar mal-mülküň üçin saňa duşman. Meniň halkym bolsa kanagatlylygym üçin maňa dost. Men dostlarymyň duşmanlara öwrülmegini islämok – diýýär.

Zülkarneýn patyşa bilen hoşlaşyp, yzyna dolanýar. Onuň beren nesihatlary Zülkarneýne güýçli täsir edýär, ol hemişe bu nesihatlara eýerip ýaşaýar.

Leave a comment