
— Aý, jan agam! Ol günem-ä, tüllük goýman, obamyza gapy-gapy aýlanyp çykdyň öýdýän.
— Haw-wa-la, jan inim! Mundan ýarym aý çemesi ozal, hol ilerki agyr küreniň ýokary ýanyndaky uly ýoluň çatrygy bar-a, ana, şondan bir tümen ýaly pul tapdym.
Ondan-mundan soraşdyrýan welin, jan ini, teý, oňa eýe çykýan ýok-da. Onsoň näme, şondan bäri bu garry göwrä ne dynuw bar, ne daýanuw. Ol obadan ol oba selpäp, ony gaçyran kişini nä gadar soraglasamam, asyl, «Meňki how, aga, şol» diýip, hyrydar çykýana duşamok.
Işden-güýçden-ä, elli bizar. Wah, bary-ýogy bir tümen weli, eýesine gowşurybilmän, halys nekabadym çykdy-da.
— Aý, aga, onuň ýaly bolsa, sowup goýber. Öň-ä biri ak bazaryň ortarasynda esli gyranly düwünçege duşýar. Ony desbi-dähel goltugynda ýygşyryşyna-da, depmehalallyk üçin «How» diýip zowladýar. Yzyndaky «pul ýitiren» sözüni pyşyrdabrak aýdyşyna, soňky «howy-da» sesiniň ýetdiginden owazlandyrýar. Şeýdip, ol üç sapar gygyrmazmy? Soňam, «Be, bu adam, ýeldirgäp ýörmükan-aý?» — diýip, aňk bolan jemendä başam galdyrman, ugruna gidiberýär.
Sizem, şoň ýalyrak bir zady oýlanarsyňyz-da bolmasa, jan agam.
— Be, sen-ä, jan ini, muny bir hiliräk edäýdiň-ow! Heý, o kysmy pisitçiligiňem gyrasynda görnüp bormy diýsene?! Eger şeýdäýsem, emen halal süýdüm gözümi gapyp, enem göründe dik oturmazmy?
Ýok, o meň başarjak işim däl. Ol, jan ini, gönezligine haýsydyr bir galdyr-bassyrlyk gatylanyň kesb-ä.Men bolsa, ine, şu taýdan göni gidip goýmasamam göteren o zadymy tapanja ýerime taşlamakçy.
