
Öňem biri agzynda aş gatyklaýan dostunyňka gezmäge barypdyr. Alysdan aryp gelen myhmanyň öňüne çaý-çörekden gaýry zat süýşürilmese-de, ol it gözi tütün bilmezlige salyp üç gününi geçirýär. Ahyry paltasy daşa degip, eşegine atlananda, hemdemi oň ýanyna gelip:
— Näme, indi gaýdyberjekmi? Men-ä, goýun soýup, saňa elinje bir söwüş etmekçidim — diýip, ýalan sypaýyçylyk edýär.
— Ýa, heý, onuň ýaly bolsa, gaýtadan düşäýmedikmi? Hany teblämi niräk kakaýyn? — diýip, eşeginden agyp düşen kişi dillenipdir.
— Hä, tebläňimi? Tebläňi meň dilime kakak — diýip, dilinden bela galan öý eýesi ýüzüni egşidipdir.
