EBU BEKR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI 1

Photo by u5929u7391 u4e0du5668 on Pexels.com

Akylly, alym adama ezýet berjek bolsaň, ony samsyk, nadan adam bilen söhbetdeş edäýmelidir.

* * *

Başga adamlara zyýany ýetmeýän bolsa, onda akylly adamyň mekirligi, samsyk adamyň bolsa samsyklygy, has gowudyr.

* * *

Yhlassyz edilen toba kezzaplaryň tobasydyr.

* * *

Samsyk adamyň ýalňyşlyklaryny akylly sapak edinmelidir.

* * *

Günä işi höwes bilen etmek iki günädir.

* * *

Geçirimli adam uzak ýaşaýandyr.

* * *

Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gürläniňde gürleýän zadyňa gowy akyl ýetirip gürle, ýa-da dym.

Leave a comment