
Allatagala seniň daş keşbiňi görüşi kimin, seniň kalbyň jümmişinde gizlin saklaýan syrlaryňy hem bilýändir.
* * *
Nadanlykdan daşda durgyn. Sebäbi Allatagalanyň iň ýigrenýän zatlarynyň biri nadanlyk we onuň tarapdarlarydyr.
* * *
Diňe Allatagala sygynyp, ähli hajatyny ondan dileýän ynsan, Allatagala iň ýakyn adamlaryň biridir.
* * *
Köp gürleýän adam sözüniň köp bölegini ýadyndan çykarar, bulaşdyrar we utançly ýagdaýa düşer. Her bir sözüňi oýlanyp ölçerip-döküp, az gürläniň ýagşydyr.
* * *
Özüň, gylyk-häsiýetiň ýagşy bolsa, il hem seniň bilen ýagşy gatnaşykda bolar.
* * *
Içiňdäki syrlary, pynhanlyklary ýat kese aýan etme, şonda gizlin duşman gazanmarsyň.
