
Ynsan hem Allanyň ýaradan beýleki jandarlary kimindir. Emma Alla ynsany olardan tapawutlandyrmak üçin oňa akyl nygmatyny peşgeş berdi.
* * *
Bu dünýäde we ahyretde zalym Allanyň gazabyna, zulum edilen bolsa Allanyň ýalkawuna duçar bolar.
* * *
Musulman nädereje akylly bolsa-da, akylyna we zehinine daýanyp Allanyň emrinden we onuň kitabyndan daşa düşmesin. Ynsanyň akyly bilen Allanyň akyly deň däldir.
* * *
Daň bilen turup, Alla ybadat edip, haýyr-yhsan etmegi kalbyna düwen ynsan Allanyň penasynda aman gezer.
* * *
Men [Ebu Bekr Syddyk] hem ýalňyşyp ýa-da säwlik goýberip bilerin. Emma siz meni bu säwlikler ýa-da ýalňyşlar üçin köteklemän maňa olary düzetmegi ündäň.
* * *
Gylyç ýönekeý demir hem bolsa ondan kimse üçin gyrmyzy ganyň ysy, kimse üçin bolsa parahatçylygyň hoşboý ysy geler.
* * *
Haýyr-yhsan etmek üçin hiç haçan ir däldir. Sebäbi ajal ynsanyň ökjesinde kimindir. Islendik wagt ol panydan baka göç edip biler.
* * *
Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger. Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas edýän nur, gözleri garaňkylykdan halas edýän aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden halas edýän güýçdür.
