OSMAN IBN AFFANYŇ PÄHIMLERI 10

Photo by K on Pexels.com

Ähli işleriňizde Alla bil baglaň. Näçe ybadat we haýyr-yhsan etseňiz-de, Alladan rehim etmegini diläň. Sebäbi ynsan ogly säwlik goýbermäge endik edendir.

* * *

Ynsan durmuşda ajy günler gelende sabyr-takatly bolsa Allatagala oňa ýene-de lezzetli günleri gaýdyp berer.

* * *

Sabyr etmedik ökünmeli bolar.

* * *

Allatagala ýürekden ynanyň we oňa ybadat ediň.

* * *

Allatagala ybadat edeniňizde tüýs ýürekden yhlas ediň. Sebäbi ähli-jahany we janly-jandary ýaradan Beýik Alladyr.

* * *

Şerap içmekden daşda duruň. Şerap ähli şer işleriň açarydyr.

* * *

Ynsanyň saçyna ak girmegi ýa-da biliniň bükülmegi oňa abraý bermez. Ol abraýy ýagşy işler edip gazanmalydyr we gazanan abraýyny gorap saklamalydyr.

* * *

Hökümdar dogry ölçeýän terezi kimin raýatlaryna adyl göz bilen seretmelidir. Allatagala-da adyllygy söýýändir we adyl ynsanlaryň tarapdarydyr.

Leave a Reply