ALY IBN ABU TALYBYŇ PÄHIMLERI 3

Photo by Gu00fcl Iu015fu0131k on Pexels.com

Bahyl adamda mähir — muhabbet bolmaz. Bahyl adamyň kalby ölüp, durmuşdan lezzet alyp bilmez.

* * *

Ynsan çagasy her bir ýaman iş üçin öç, ar almakçy bolýar. Diňe beýik adamlar duşmanynyň günäsini geçmegi başarýar.

* * *

Mukaddes ýerlere zyýarat edeniňizde kalbyňyzy päkläň. Allanyň gaşyna päk kalp bilen barmadygyň zyýaraty kabul bolmaz.

* * *

Nesihat dogry ýol görkezijidir. Nesihat ynsanyň halasgäridir. Nesihat alyp başarmaýan adamdan ýagşylyga garaşmaň.

* * *

Ýalançydan, kezzapdan ýagşy amala garaşmaň. Beýle adamlara ýagşylyk etmek ýaly häsiýetler mahsus däldir.

* * *

Kezzaplygyň akybeti şer işlere, onuň akybeti bolsa dowzaha eltýändir.

* * *

Allanyň ýanynda iň hormatly adamlar oňa takwalyk edenlerdir.

* * *

Allanyň dinine tagat eden adam il arasynda uly abraý gazanar.

* * *

Akylly ynsan ony ýaradana we oňa yrsgal-döwlet berene şükür eder.

* * *

Toba etmegi özüne kiçilik bilýäne şepagat edilmez.

* * *

Ynsan üçin asudalyk, parahatçylyk ýaly zynatly lybas ýokdur. Asudalygyň lezzeti süýji şerbet kimindir.

Leave a Reply