ALY IBN ABU TALYBYŇ PÄHIMLERI 6

Photo by Yasir Gu00fcrbu00fcz on Pexels.com

Bahyl kesekilere däl-de eýsem özüniň ýaranlaryna hatda peýda getirýän adamlara-da bahylçylyk eder we olaryň elindäki nygmaty görüp bilmez.

* * *

Mätäç hem bolsaň pes hem-de günä işleri edýän adamyň gapysyndan hajat bilen barmagyn.

* * *

Kä halat ynsan özüne zyýan gelýän ýerlere we şer işlere mejaly bolmasa-da emedekläp barýar.

* * *

Arzuwlaryňa daýanyp ýaşamagyn. Ýöne kä ar-zuwlar çöldäki salgym kimin ýetilmesi kyndyr. Ýetip bolmajak arzuwlara ynanýan ynsan baryp ýatan nadandyr.

* * *

Kişi malyna göz dikip oturan ynsan guldur. Kanagatly ynsan bolsa kalby rahat ýaşaýandyr.

* * *

Akylly ynsanyň gümany öňden görüjilikdir. Sebäbi akylly ynsan ähli zady ölçerip döküp ondan soň pikirini ýüze çykarýandyr.

* * *

Akylly ynsan keseki adamlaryň säwliklerini özüne sapak ediner.

* * *

Duşmançylyk ynsan kalbyny bimaza eder we ony bähbitli zatlardan alyp galar.

Leave a Reply