
Tamakinçilik salgym gazanan ýalydyr. Tamakin özüniň maksadyna ýetmek üçin her hili peslige ýüz urar.
* * *
Tama ynsanyň boýnuna ýüp salyp ony düýe iden kimin idip dürli masgaraçylyklara sezewar eder we iň soňunda ýüpi şeriň eline berer. Kanagatlylyk bolsa bu ýüpi gyrkyp, ynsany pese düşmekden halas etmäge çalyşýar.
* * *
Dünýäniň islendik haýyr işleriniň ýanynda şer iş hem bardyr: Tejribä ýetmek üçin — uzak ýol, gazanjyň ýanynda — tüwmaýak galmak, saglygyň ýanynda — hassalyk, abraýyň ýanynda — peslik, kynçylygyň ýanynda — ýeňillik we dogry ýoluň ýanynda — azaş-maklyk bardyr.
* * *
Islendik işiň akybeti — ahyry hakynda köp pikir edilende bu işi etmäge höwes ýiter.
* * *
Allatagala ynsan doglandan onuň ykbalyny oňa mälim edip bilerdi. Emma ol bu külpetli ýoly geçip, kynçylygy ýeňip geçmegi ynsanyň ygtyýarynda goýdy.
* * *
Ynsanyň ykbalynda gije bilen gündiziň çalşyp durşy kimin kynçylyk bilen ýeňillik, şer bilen haýyr çalşyp durýandyr. Esasy zat ynsanyň ruhdan düşmezligidir.
* * *
Iň haýyrly işleriň biri diliňi paýyş sözlerden we gybatdan saklamakdyr.
* * *
Abraý ýagşy işler bilen gazanylýandyr. Edep bolsa ynsanyň aslyna we gelip çykyşyna baglydyr.
* * *
Ylym we edep ynsanyň iň buýsanmaly zatlarydyr. Sebäbi şu ikisi bolan ynsan durmuşda uly üstünlik gazanar.
