ALY IBN ABU TALYBYŇ PÄHIMLERI 10

Photo by Tima Miroshnichenko on Pexels.com

Kyn ýagdaýa düşseňiz yhlas bilen Alla ýüz tutuň. Alla hiç haçan öz bendesini kyn ýagdaýda goýýan däldir.

* * *

Ähli şer işler akmak kalpda orun tutýandyr. Emma akylly ynsanyň kalby şere we pyssy-pujurlyga ýol bermez.

* * *

Baş arzuwlara kowalaşan yzyndan ajalynyň ýetenini duýman galar.

* * *

Süýji miwe berýän daragtyň soň hem süýji miwe berşi kimin asly ýagşynyň nesli-de ýagşy bolýandyr.

* * *

Eger başarsaň duşmanyň-da günäsini geç. Geçirimlilik diňe beýik ynsanlara mahsusdyr.

* * *

Ynsanyň gizlin saklamak isleýän syry ýa-ha onuň dilinden sypar ýa-da onuň ýüzünden mälim bolar.

* * *

Nygmata daban azabyň bilen ýetseň-de, ony Allanyň berýändigini ýadyňdan çykarma.

* * *

Bahyl adam baý hem bolsa onuň kalby garypdyr. Ol näçe baýlyk toplasa-da ömrüni garyp duýgy bilen ýaşar.

* * *

Akylly ynsanyň dili onuň kalbyna tagat edýändir.

* * *

Samsyk, nadan dili bilen özüne duşman gazanar.

Leave a Reply