EBU BEKIR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI 6

Ölümiňi ýatla, onuň gaşyňa geljegini unutma. Diňe şeýle etseň ömürlik, baky ýaşaýşa ýetersiň.

* * *

Sabyr-takatlylyk ynsana kynçylyk getirmez, gyssanmaçlykdan hem hiç hili peýda bolmaz.

* * *Ölümiň öňüsyrasynda bolup geçýän zatlar örän agyrdyr. Emma ölümden soňky hadysalar has gorkunçdyr.

* * *

Gaýgy-gamly halatyňda we kynçylyga düşeniňde Muhammet alaýhyssalamy we onuň başyndan geçiren günlerini ýatla. Şeýle etseň seniň gaýgy-gamyňdan nam-nyşan galmaz.

* * *

Eger sizden! «Haýsy günä işleriň jezasy tiz bildirer?» diýip, sorasalar onda: «Garyndaşlar bilen araňy üzmek we aşa tamakinçilik» diýip jogap beriň.

* * *

Eger baýlyk ondan peýdalanyp bilmeýäniň elinde, gylyç ony ulanyp bilmeýän esgerde we pikir ony gündelik durmuşynda ulanmaýan ynsanda bolsa bu dünýäniň işleriniň bulaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

* * *

Guş miweli daragta gonup, daragtyň miwesinden iýse-de soňra özüne nämäniň garaşýandygyndan bihabardyr.

Leave a comment