EBU BEKIR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI 7

Photo by Optical Chemist on Pexels.com

Allatagala ynsana nämäni wada etse, wadasynda tapyldy. Sebäbi Alla ähli zady özüne tabyn edip bendesiniň kalbynda ybadata bolan söýgini döretmek isledi.

* * *

Allatagala ynsana dogry ýol salgy berdi. Emma pyssy-pujurlygy terk edip, haýyr-yhsan etmegi onuň öz erkinde goýdy.

* * *

Bela gelende sabyr edip çydagyn. Sebäbi indiki bela-beteriň ýanynda megerem bu bela ýönekeýje oýun kimindir.

* * *

Melhemiň ýara şypa bolşy kimin dilegdir doga hem bela-beteri gaýtarar.

* * *

Kalby päk ynsanyň sözi-de, gözi-de, ýüzi-de päk, arassa we nurana bolar.

* * *

Mekir, näkes we azgyn bilen ýoldaş bolan we şolardan özüne dost tutunan kişi olardaky gylyk-häsiýeti alar we şol adamlaryň hatarynda görüler.

Leave a comment