Geçirimlilik ýa-da ötünç soranyňda ýa-da gazaplananyňda sözüňde degişme bolmasyn. Geçirimlilik eden adamyňa şol bir günäsi üçin täzeden gazaplanma.
* * *
Kimdir birine haýbat atanyňda kalbyňda gorky saklama.
* * *
Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý etseň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.
* * *
Bilgin, kimdir birine haýbatyňy bildirmek üçin gaty ses bilen gygyrmak hökman däldir.
* * *
Eger haýyr-yhsan işlerden galanyňy duýsaň, onda onuň yzyndan ýetmäge çalyş. Eger şer işleriň seniň yzyndan ýetenini duýsaň, onda yzyňa seretmän ondan gaçmaga çalyş.
