
Siziň ejiziňiz meniň üçin güýçlüdir. Sebäbi onuň hakyny alyp berýänçäm men ondan ejizdirin. Siziň güýçlüňiz menden ejizdir. Sebäbi men ondan halkyň hakyny alyp bermelidirin.
* * *
Kä halat kalbyň owazyna diňşirgen. Sebäbi päk kalpdan çykýan owaz päk ýoly salgy berer.
* * *
Ynsanyň pikiri we hereketi haýaldyr. Emma ol näçe haýal hereket etse-de her zadyň ahyrynyň bolşy kimin ynsan ömrüniň hem ahyry bardyr. Maksadyňyza ýetmek üçin tizden-tiz haýyr-yhsan işlerini edip, başyňy dik tutup ajaly garşy alyň. Sogap iş edýän adamyň bu dünýädäki ömri gysga-da bolsa, bakydaky ömri ebedidir. Onuň bu dünýäde eden sogap işleriniň ýatlamasy hem ebedidir.
* * *
Kyýamat güni ynsanyň sogap işleriniň terezä goýuljagy hakdyr. Möminler bu musulmanyň terezisiniň agyr gelmegini dilärler. Soňra onuň günä işleri terezä goýlar. Möminler bu gezek onuň terezisiniň ýeňil gelmegini dilärler.
