
Allatagala parz namazyny ýerine ýetirmeýän kişiniň nepil namazyny kabul etmez.
* * *
Şu 4 sany ähmiýetli zady berjaý edýän kişi, ýagny günäkär toba edende begenýän, ýolundan azaşana kömek edýän, kyn ýagdaýa düşen ynsan üçin doga kylýan we päk ýürekden Alla ybadat edýän kişi hakyky mömindir.
* * *
Eger kimdir biri pyssy-pujurlyga, aýşy-eşrete berlip bu dünýädäki borçlaryny unutsa, onda ol adamyň duran ýerinde kellesini alsaň onuň üçin haýyrly bolar.
* * *
Eger men ýagşy işler etsem, onda ýerli-ýerden maňa ýardam beriň. Eger men ýaman işe baş goşjak bolsam, onda meniň ýoluma böwet bolup, meni dogry ýola salyň.
* * *
Allatagala özüne yhlas etmeýän, we ybadat kylmaýan kowumy halamaýar.
* * *
Ynsan köp pyssy-pujurlygy diňe Allatagala onuň gözüni açandan soň görüp, şonuň näderejede erbetligine göz ýetirýär.
