EBU BEKIR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI 17

Photo by Sarowar Hussain on Pexels.com

Serhediňi giňeltmek we uly ýeňişler gazanmak isleseň esgerleriň göwnüni tap we olaryň arasynda abraý gazan.

* * *

Durmuşyň kynçylygyndan gaçmaň. Emma özüňize kynçylyk döretmäge-de çalyşmaň. Durmuşyň kynçylygy saňa durmuşyň süýji, lezzetli taraplaryny aýan eder.

* * *

Adamlara zulum etmegin. Allanyň ýanyna dolanyp barmalydygyňy hergiz ýadyňda saklagyn. Ynsana nähak zulum eden Allanyň gazabyna duçar bolar.

* * *

Alla ynanyp, diňe ondan kömek soragyn. Allatagala seni lapykeç etmez.

* * *

Ynsan howpsuzlygy, ýagny onuň sag-salamat durmuşda ýaşamagy iň uly eşretdir.

* * *

Ylymly, düşünjeli we paýhasly adamlaryň söhbetdeşligi iň lezzetli söhbetdeşlikdir.

* * *

Haýyr-yhsan edeniňde: «Şu sogap meniň ömrümde iň soňky we şonuň netijesinde ahyretim belli bolýar» diýip pikir et.

Leave a comment