EBU BEKIR SYDDYGYŇ PÄHIMLERI 16

Photo by SONNIE WING on Pexels.com

Namaz okap oturan adam duşmanyň bolsa-da, ol namazyny tamamlaýança oňa ezýet bermegin.

* * *

Nätanyş öýden kömege çagyrýan ses eşitseň ol öý nätanyş diýip öwrülip gitmän ol ýere kömege bargyn.

* * *

Ynsan akylyny özüne dost tutunmasa ýolundan azaşar we il içinde abraýdan jyda düşer.

* * *

Eger kimdir birinden maslahat sorasaň, onuň sözüne gulak goýgun. Eger onuň sözüni diňlemejek bolsaň, onda ilki maslahat soramagyn.

* * *

Eger Allatagalanyň maňa akyly kem berendigini sähelçe duýan bolsam, onda sogap gazanmak üçin jyhada çykardym.

* * *

Duşmanyňy paş edýän aýbyny bilseň-de, ol aýby tä ölýänçäň gizlin saklagyn. Kimdir biriniň aýbyny aýdyp ondan üstün bolmak mert kişiniň işi däldir.

* * *

Serkerde we ymam halkyň öňüne düşýän adamlardyr. Şonuň üçin olar özüniň hüý-häsiýeti, ahlagy we özüne seredişi bilen adamlara görelde bolmalydyrlar.

Leave a comment