
Meniň haýynlary iki zat, ýagny suw we topragyň üsti bilen tanaýaryn. Eger haýsydyr bir häkim suw çekip ýa-da öý gurup başlasa, onda men onuň mal ýygnandygyny, wezipesini haýynlyk bilen ulanyp başlandygyny bilýärin.
* * *
Ylym ýolbeletdir, beýleki işler oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr.
* * *
Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.
* * *
Adalat ýöredilmeýän ýerde millet mukaddes bolup bilmez.
* * *
Allanyň adyndan ant içmegi äsgermezlik etmäň, Alla hem sizi äsgermezlik eder.
* * *
Eger nebis pikiri ýeňse, onda pikir güýçsüz bolar.
* * *
Alymlar bilen oturyşgyn. Sebäbi Allata(gala, göýä ýeri asmanyň ýagmyry bilen direl)dişi kimin, kalplary ylym nury bilen direldýändir.
