OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 2

Photo by Thomas P on Pexels.com

Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa onda ol miwe bermez.

* * *

Her bir zadyň öz görki bardyr. Öýüň görki onuň arassalygy bolsa, adamyň görki onuň lybasydyr.

* * *

Ylmy öwrenip, oňa düşünmeýän we düşünip, oňa amal etmeýän adama haýpyňyz gelsin.

* * *

Ähli bela-beteriň we howpuň gözbaşynda aýşy-eşret, şöhwet durýandyr. Aýşy-eşrete özüni aldyran adam tiz wagtda duşmanynyň guluna öwrülýändir. Onuň ähli diýenlerini iki epilip etmäge taýýar bolýandyr.

* * *

Erkek adamyň egin-eşigine üns bermegi we arassa geýinmegi ony hormata mynasyp edýär.

* * *

Kim-de kim täret alyp, ýüň eşik geýse, Allatagala onuň görejiniň nuruny zyýada eder. Eger kim-de kim zynatly lybas geýip, özünden göwnühoş bolup, tekepbirlik etse, Allatagala ol adamy dowzah oduna ýakar.

Leave a comment