
Serhoşluk haramdyr. Aşyk adam hem serhoş ýalydyr. Emma päk aşyklyk aýşy-eşret hem däldir, haram hem däldir.
* * *
Şerap şatlyk çeşmesidir we şer işleriň açarydyr.
* * *
Ähli döwlet işini çetde goýup, raýatlarynyň halyndan habar alman, bir tagtanyň ýüzüne seredip, dümtünip oturan şadyr häkimler meniň üçin geňdir.
* * *
Eger Allatagaladan nämedir bir zat dilejek bolsaň, onda «Eý Allam! Maňa nygmat berseň özüme, bedenime, akylyma ber» diýip dileg et. Seniň beýle diýdigiň özüňe saglyk diledigiňdir. Adamyň jan-saglygyndan uly nygmat ýokdur.
* * *
Özüňize serediň, kadaly iýip-içiň we sowukdan özüňizi goraň. Sebäbi uzak wagtlap özüňizi goranyňyz, ýekeje sagat kesel bolanyňdan gowudyr.
* * *
Açgözlük adamyň ajalydyr. Ýaltalyk, ysgynsyzlyk, şel açmak, içgeçme ýaly keselleriň barysy açgözlükdendir. Adam köp iýende aşgazany dykylýar we bagyr bilen ödüň işlemesini kadadan çykarýar. Adamda kelleagyry döreýär we onuň pis keseli bilen kesellemegine getirýär. Şonuň üçin iýip-içende ortaça we wagtly-wagtynda iýip-iç.
