OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 4

Photo by Thomas P on Pexels.com

Dowzahyň odundan gorkman, günä iş edýän adamlar meniň üçin geňdir.

* * *

Eý, nygmat eýeleri! Ähli nygmatyň eýesini ýatlaň!

* * *

Baýlygy söýmek şer işlere elter. Sebäbi baýlyk ähli şer işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

* * *

Garyp adam baýasa, onda üç häsiýet ýüze çykýar, ýagny köne dostlaryny taşlap, täze dost tutunar, aýalynyň talagyny berer, wepaly hyzmatkärini täze hyzmatkäre çalşar.

* * *

Çagaňa baýlyk gazanmagy öwretmek ony jebir-jepa ýoluna salmakdyr.

* * *

Baýlygy bolup, ony tygşytlylyk, kanagatlylyk bilen isripsiz sowmagy başarýan adam danadyr.

* * *

Garyp hem, baý hem Allanyň öňünde eden işlerine deň derejede jogap berýändir.

* * *

Baýap tekepbirlik etme, ertirki gün nä halda boljagyň bir Alla mälimdir.

* * *

Ýaranjaňlyk edýän adamyň ilkinji ýaragy öwgüdir.

Leave a comment