
Ýalandan öwmek şeýtanyň ýoluna gidýän adamlara mahsusdyr. Mömin adam özüni şeýtana oýnadyp, ýalan sözleýän däldir.
* * *
І
Öwgä üns berip diňledigiň, öwýän adamyň guluna öwrülersiň.
* * *
Adamlary oýundyr degişmeden daşda saklaň. Oýundyr degişme erkek adama mahsus häsiýetleri gidirýändir we adamda gahar-gazap döredýändir.
* * *
Biderek, boş gürrüňler biderek, boş işlere elter.
* * *
Mömin adam wepat bolanda, bu baradaky habary ilki bilen asmandaky perişdeler eşiderler. Olar bu habary biri-birine buşlarlar. Ýer ony öz gujagyna almaga howlugar. Adam ýeriň üstünden alnan toprakdan ýaradylsa-da, soňra onuň goýnuna siňýändir.
* * *
Hammamlar nähili gowy ýerdir, kiri aýyrýar, jähennemi ýadyňa salýar.
* * *
Allatagala adamlaryň öz watanlaryny söýmegi üçin ýurtlary döretdi.
