OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 6

Photo by lalesh aldarwish on Pexels.com

Eger raýatlar watanyny söýmeseler, onda ýurtlar harap bolardy.

* * *

Musulman doganyň kalbyndaky üç zat, ýagny salam bermegi, mejlislerde ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi onuň saňa dostlugyny subut edýär.

* * *

Dostuňdan habardar bol, diňe ynamdar bolana ynan. Ynamdarlyk hem diňe Alladan gorkmak bilen bolýandyr.

* * *

Dostlar köpelse, duşmanlar hem köpeler.

* * *

Hiç haçan mejlisde adamyň ýalňyşyny aýdyjy bolmaň. Ol siziň maslahatyňyza gulak goýmaz, üstesine-de sizi duşman tutunar.

* * *

Samsyk, nadan adama subutnamanyň derkarlygy ýokdur. Subutnamalar onuň üçin gury sözdür.

* * *

Akmaklaryň mejlisi akylyň kesellemegidir.

* * *

Toba gelip, aklyna aýlanan adamlara hormat goýuň, olar erbetlikden ýagşylyga ýüzüni öwren adamlardyr.

* * *

Geçirimlilik etmegiň hem özboluşly lezzeti bardyr.

Leave a comment