


Ýalňyz ýaşaýan adam durmuşyň ünjülerinden halasdyr.
* * *
Köpçülikden uzakda bolmak bela-beterlerden we günälerden başyňy aman saklar.
* * *
Kim-de kim ýagşy işler edip, ýaman işden özüni saklajak bolsa, özüne ezýet berip görsün. Eger göwnüne ýaramasa haýyr-sogap işler etsin. Sebäbi dowzahyň ody has ezýetlidir.
* * *
Eý, Allam! Kyýamat gününiň şerinden we namarda mätäç bolmakdan özüň gora.
* * *
Allatagala öwgi, sena aýdýan, oňa zikir edýän dil paýyş sözleri aýtmaly däldir.
* * *
Eger kimdir biri bilen mejlis gurap oturmakçy bolsaňyz onda dindar ýa-da ulamalar we asylzadalar bilen otur. Olaryň mejlisinde erbet gürrüň edilmez.
* * *
Kimdir biri seniň ýanyňa hajat bilen gelse, güler ýüz ber şonda sen onuň hajatyny ýerine ýetirmeseňem ol senden nägile bolmaz. Gülerýüzlülik üstünlik gazanmagyň açarydyr.
* * *
Geçirimlilik etmek Allatagalanyň adama bagyş eden iň gowy häsiýetleriniň biridir. Eger geçirimlilik bolmasa, Allatagalanyň adama beren amanadynyň haçan tabşyryljagy, oňa nämäniň sebäp boljagy bilinmezdi.
* * *
Allatagala ýagşy işler edýän adamy we onuň golaýynda ýaşaýan bir ýüz ýigrimi hojalygy bela-beterden goraýandyr.
* * *
Zenan maşgala akýagyz we uzyn saçly bolsa, onda ol kämil husny-jemala eýedir.
