OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 8

Photo by Pixabay on Pexels.com

Eger öldürilýän hem bolsaňyz dogryňyzy sözläň.

* * *

Eý, Allam! Kalbymda bahyllyk duýgusynyň kök urmagyndan Özüň gora.

* * *

Içigara kişi ähli adamlar ýaly bu dünýäniň gaýgy-gam paýlanyşygyndaky öz paýyny hem alýar. Emma şol bir wagtyň özünde beýleki adamlaryň şatlygyna-da gamlanmaly bolýar.

* * *

Eý, musulmanlar! Alladan ant içýärin, özlerini güýçli saýyp, ejiz adamlaryň hakyny iýýänler meniň bilen iş salyşsalar, men ejiziň tarapdarydyryn.

* * *

Adyl soltanyň höküm sürýän ýurdy ýumrulmaz.

* * *

Adyllyk dagyň çür başynda gurlan galadyr. Ony sil hem almaz, manjanyk hem harap eýlemez.

* * *

Raýatlara adyllyk eden soltan Allanyň bereketine ýeter. Onuň döwleti müň ýyllap gülläp öser. Döwletiň gülläp ösmegi onuň şasynyň adyllygyna baglydyr. Hökümdarlar ýaşan ömrüni adyl ýaşasa halkynyň arasynda özlerini rahat duýarlar we panydan baka göç edenlerinde jennete geçerler.

* * *

Azat adamlary adyllyk bilen, duşmanyňy gylyç bilen özüňe boýun edip bolýandyr.

* * *

Bu dünýäsiniň we ahyretiniň amalyny etmän boş gezip ýören adam meniň üçin iň ýigrenji adamdyr.

Leave a comment