OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 10

Eý, Allanyň bendeleri, siziň Allaňyz birdir. Ol adyl işleri gowy görüp, zulum edýänleri ýigrenýändir. Men hem Allanyň halaýan işini edip, ýigrenýän işinden daşda durjak. Kim-de kim meni adalatsyzlykda aýyplasa, goý, ol adam hiç zatdan çekinmän gije bolsun, gündiz bolsun, günüň islendik wagtynda gelip maňa arzyny aýtsyn. Raýatlaryna adyllyk edip, zulum edýänden goramak, olara deň göz bilen seretmek Allanyň emrini ýerine ýetirmekdir.

* * *

Alladan gorkmaýan we oňa ybadat etmeýän adamyň golaýyna-da barmaň. Olardan haýyr işden başga her zada garaşybermelidir.

* * *

Ynsanlar maslahatlaşyp işleriniň dogry we bähbitli bolmagyny gazanarlar.

* * *

Ýaşyňyz gitmezinden öň ylym öwreniň. Ylym ynsanyň iň ýakyn dosty we synmaz daýanjydyr.

* * *

Utanjy ýok ynsanyň kalby ölýändir.

* * *

Bu dünýäde etmeli iş kändir. Bir iş etmekçi bolanyňda onuň ynsana haýyr getirjegini etgin.

* * *

Haýyr iş etmekde abraý bardyr. Emma gyssanmaçlyk gazanyljak abraýdan jyda edip masgaraçylyga eltýändir.

* * *

Tamakinçilikden, gahar-gazapdan we aýşy-eşretden daşda duran adam durmuşda uly-uly üstünlikler gazanar.

Leave a Reply