
Alla takwalyk edip, ybadat dony bilen zynatlanan adam maly-mülküň yşgyna düşen bilen ýoldaş bolup bilmez.
* * *
Dogry sözlemeýän adamdan haýyr iş eder diýip tama hem etmäň.
* * *
Ýalan sözleýän ynsanyň akybeti pyssy-pujurlykdyr. Pyssy-pujurlygyň akybeti bolsa heläkçilikdir.
* * *
Ynsan mejlisde uly kişi bolup, öýünde ýaş çaga kimin bolmalydyr. Şeýle eden adam mejlisde-de, öýünde-de uly abraýdan peýdalanar.
* * *
Hoşboý ysly güli ysgamak, yzynda ýagşy terbiýe alan ogul galdyrmak we mert duşman bilen ýüzbe-ýüz bolmak ýaly eşretli zat ýokdur.
* * *
Ýüzüňi aşak salyp, sussypes halda gezmek ynsanyň kalbyna gorky salar.
* * *
Ynsanyň kiçijik meselelerini çözüp uly abraý gazanyp bolar. Emma abraý bilen şöhraty hiç haçan garyşdyrmagyn.
* * *
Şu üç sypata eýe bolan kişi ýagny imanly, akylly we adamlaryň göwnüni awlamagy başarýan ynsan uly abraý gazanar.
