
Eger kimdir biri bir ýoly tutsa, şol ugurda hem haýyr görmese, onda ýoluny üýtgetsin.
* * *
Öýlenseňiz gyza öýleniň. Sebäbi olaryň söýgüsi güýçli we lezzeti çäksiz bolýandyr.
* * *
Kimde kim özüniň töhmet etmäge ukyplydygyny duýsa, ol tizden-tiz Alla toba edip, kalbynyň päkligini dileg etsin.
* * *
Allatagaladan başga bir bendesine zulum etmegi üçin dileg etmäň. Öz sag-amanlygyňyzy sorap dileg ediň.
* * *
Allatagala päk ýürek bilen sygynyp, ondan ýardam soraýan adamyň dilegi kabul bolar we Allatagala ony öz penasynda aman saklar.
* * *
Eger kimdir biri gopbamsylyk bilen uly derejelere dalaş etse, Alla oňa gazaplanar we ony ýer bilen ýegsan eder.
* * *
Haýyr-yhsan etmekden gapyl galmaň. Sebäbi haýyr-yhsan jennetiň açarydyr.
* * *
Ertir irden haýyr eden agşamlyk onuň hözirini görer.
* * *
Adyl hökümdar Allanyň iň ýagşy görýän ynsanlarynyň biridir. Allanyň iň ýigrenýän ynsany zalym hökümdardyr.
