OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 13

Photo by Furkan Ceylan on Pexels.com

Araňyzda ýok adamyň gürrüňini etmäň, sebäbi ol gybatdyr. Gybat bolsa Allanyň iň ýigrenýän günäleriniň biridir.

* * *

Eger karynyň Gurhany aýdym ýaly edip aýdyşyny eşitseňiz, onda biliň ol kary maly-dünýäniň aşygydyr.

* * *

Eger kimdir biri hiç bir işi bolmazdan soltanyň ýanyna gelse, onda biliň ol adam ogrudyr.

* * *

Musulman adam size näderejede ýamanlyk etse-de ony ýigrenmän, dogry ýola çagyryň.Gyzyňyzy erbet gylykly adama durmuşa çykarmaň. Sebäbi olar ol adamyň halaýan zadyny ýigrenip ýaşaýarlar.

* * *

Özüň halamaýan zadyňy başga birine hödürleme. Sebäbi soň şol edeniň özüňe gaýdyp geler.

* * *

Kalby päk we ýumşak häsiýetli adam Alla ýakyn adamlaryň biridir. Şeýle adamlar hak ýoldan gidip, uly abraý gazanarlar.

* * *

Eý, Allam, zenanlarymyza utanç ber we olary şeýtanyň şerinden gora. Erkeklerimiziň kalbyna mertlik guý we olary duşmanyň alyndan gora.

* * *

Musulman doganyna baýlygyny aýaman ýardam berýän adam iň paýhasly adamlaryň biridir.

* * *

Bu gün ýerine ýetirip biljek işiňi ertire goýma.

Leave a Reply